Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, hasraty meniň gözlerimden gizlemedi. Maňa gizlinlikde bir söz geldi, gulagyma bir pyşyrdy ildi. Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder. Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn». Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady. Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy. Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.
Выбор основного перевода