Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar. Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň. Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn». Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi. Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn. Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim. Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum. Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir. keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler. Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar. Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner. Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar. Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода