Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy. Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň. Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim. Onsoň Reb maňa: «Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin» diýdi. «Bar, Hananýa Reb şeýle diýýär diýip aýt: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň, emma onuň ýerine demir boýuntyryk ýasarsyň! Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“». Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar. Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr». Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler. Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода