Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Emma Sion: „Reb terk etdi meni, Taňrym meni unutdy“ diýdi. «Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz? «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz». Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar. Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy. Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!» Halk Rebbe ýürekden perýat edýär. Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn, gözleriňiň ýaşy kepemesin, eý, Sion gyzynyň diwary!
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода