Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim. Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!» Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi. Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода