Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi. Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy. Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge, Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi. Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!» Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir. Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda. Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz. Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň». Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin! Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn. Ýa Reb, Iýerusalimiň ýykylan güni: «Ony ýumruň, ony ýumruň düýbüne çenli!» diýen edomlary Sen ýadyňa sal! Eý, Babyl gyzy, eý, weýran bolmuş, seniň bize edenleriňi gaýtarjak nähili bagtly! Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber! Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler. Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. Munuň üçin ýüregimiz agyrdy, gözlerimiz küteldi.
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода