Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm. Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar. Çünki günlerim tüsse deý ýitýär, süňklerim tutaşan odun dek ýanýar. Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar. Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň. Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin. Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar. Çogýan gahary bilen Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi. Duşman çozanda sag elini yza çekdi. Daş-töweregini oda berip, alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy. Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler. Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin. Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода