Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Параллельные места
Olar oňa bir goşawuç injir kişde bilen iki goşawuç kişmiş-de berdiler. Ol bulary iýenden soň gurbuna geldi, çünki ol üç gije-gündizläp hiç zat iýip-içmändi. Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim. Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy. «Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi gurruk guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi. Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady. Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!» Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler. «Hany çörek we şerap?» diýip, ejelerine perýat edýärler. Olaryň gujagynda jan berýärkä. Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa. Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy. Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär. Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar köçelerde açlyk çekýärler. Gyrmyzy don geýip ulalanlar iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.
Ýermeýanyň agysy
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода