Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýermeýa özüne Rebbiň şu sözüniň gelendigini aýtdy: «Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“». Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim. Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal kümüş çekip berdim. Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler. Reb maňa: «Olaryň Maňa kesen bir şaýa degmeýän bahasyny al-da, küýzegäre taşlap ber» diýdi. Onsoň men otuz kümüş teňňäni aldym-da, Rebbiň ybadathanasyndaky küýzegäre taşladym. Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.
Выбор основного перевода