Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler. Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar. Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar. Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular. Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. «Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy. Ýanyna baryp: «Ýaşasyn ýahudylaryň Patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy. Ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary Pilata: «Muny „Ýahudylaryň Patyşasy“ diýip ýazma-da, „Özüni Men ýahudylaryň Patyşasy diýip atlandyrdy“ diýip ýaz» diýdiler. Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:
Выбор основного перевода