Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy. Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler. Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.
Выбор основного перевода