Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bu öküzçäniň damagyny çalsyn. Onsoň Isa haýynlyk eden Ýudas Oňa höküm edilenini görüp, eden işine ökündi. Ol otuz teňňe kümşi yzyna, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşululara getirip: Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy. Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi. Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.
Выбор основного перевода