Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. Olar dogry ynsanyň janyna garşy dil birikdirýärler, bigünäni ölüme höküm edýärler. Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.
Выбор основного перевода