Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi. Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar: «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!» Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok. Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady; olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly. Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki, meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny. Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.
Выбор основного перевода