Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi. «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. «Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler. Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla. Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi. Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler. Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.
Выбор основного перевода