Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir. Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy. Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Ol täzeden özüniň häkimlik jaýyna girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi.
Выбор основного перевода