Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn. Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi. Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. «Bu Hudaýyň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
Выбор основного перевода