Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär. Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler. Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi. Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi. Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler.
Выбор основного перевода