Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger biri size bir zat diýse: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony dessine yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi. Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüp, ýola düşdi. Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr. Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi. Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi. Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir. Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.
Выбор основного перевода