Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi. Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy.
Выбор основного перевода