Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi. Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim. Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym. Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik. Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy? Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy. Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz. Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik. Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk. Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi. Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek? Ol diriler diýaryndan mahrum edildi, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi. Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy. Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar. Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini. Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi. Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir. Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr. Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar! Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun. Isa: «Şu çöregi okara batyryp, kime bersem, ol şoldur» diýip jogap berdi. Onsoň Ol çöregi okara batyrdy-da, ony Simunyň ogly Ýudas Iskariýoda berdi. Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi. Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi. Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.
Выбор основного перевода