Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar. Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi. Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi. «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar. «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi. Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn. Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi. Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.
Выбор основного перевода