Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler. Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy? Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler. Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.
Выбор основного перевода