Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm. Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin.
Выбор основного перевода