18
Olar hatda özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ine, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň.
Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.
Hudaýy öwran-öwran synap gördüler, Ysraýylyň Mukaddesini öjükdirdiler.
Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen, gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen.
Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.
Olar Hudaýyň şan-şöhratyny ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.
Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular.