Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy. Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy. Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň». Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady. «Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar. Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler. Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler. Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym». Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim. Mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Meniň Rebdigimi bilmegiňiz üçin, bu Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolar“.
Выбор основного перевода