Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz. Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler. Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy. Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi. Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi. Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler. Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady. Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.
Выбор основного перевода