Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy. Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler. Üflän ötgür demiňden, deňiz olary gaplady. Olar gurşun kimin äpet suwa çökdüler. Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň. Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi, suwlary bir üýşmek kimin duruzdy.
Выбор основного перевода