Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn. Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin». Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler. Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň. Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň. Unutdylar Onuň işlerini, olara görkezen gudratlaryny. Ýatlamadylar Onuň güýjüni, olary duşmandan azat eden gününi. Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny: Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi. Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý. Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.
Выбор основного перевода