Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun. Hizkiýa olara: «Eý, lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizi tämizläň we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öýüni mukaddes ediň! Bu mukaddes ýerden haram zatlary çykaryp zyňyň. Olar doganlaryny toplap, inlerini tämizläp, Rebbiň sözüne görä patyşanyň tabşyryşy ýaly, Rebbiň öýüni tämizlemek üçin ol ýere girdiler. Ruhanylar Rebbiň öýüni tämizlemek üçin içine girip, ybadathanadan tapan ähli murdar zatlaryny Rebbiň öýüniň howlusyna çykardylar. Lewiler hem olary alyp, Kidron deresine äkitdiler. Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.
Выбор основного перевода