Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar. Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar. Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris. Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.
Выбор основного перевода