Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi we Rebbiň hatyrasy üçin, bu çaganyň adyna Ýedidýa dakylmalydygy hakda Natan pygamberiň üsti bilen habar iberdi. Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz. Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy. Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi. Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnak aýaly bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar. Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady. Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady. Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy. Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem seždegähler gurdy. Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi. Süleýman tutuş Ysraýyly: müňbaşylary, ýüzbaşylary, kazylary, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy.
Выбор основного перевода