Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi. Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimginiň gözegçiligi astynda işleýärdiler. Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy. Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar. Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.
Выбор основного перевода