Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy. Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar. Aýdymçylar Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerden, netofalylaryň obalaryndan, şeýle hem Beýtgilgaldan, Geba we Azmawet etraplaryndan ýygnandylar. Çünki aýdymçylar Iýerusalimiň töwereginde özlerine obalar gurupdylar. Aýdymçylar Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerden, netofalylaryň obalaryndan, şeýle hem Beýtgilgaldan, Geba we Azmawet etraplaryndan ýygnandylar. Çünki aýdymçylar Iýerusalimiň töwereginde özlerine obalar gurupdylar. Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!
Выбор основного перевода