Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň girip-çykýan Halk derwezesi bilen Iýerusalimiň ähli derwezelerine git-de, ol ýerde dur. Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“». Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».
Выбор основного перевода