Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris. Şeýle hem biz her ýyl bir mysgal kümşi, Hudaýymyzyň öýüniň hyzmaty üçin bermegi özümize borç edindik. Bu kümüş hödür çöregi, hemişelik galla sadakasy, hemişelik ýakma gurbanlygy, Sabat günleri, Täze Aý baýramlary we beýleki baýramlar, mukaddes sadakalar, Ysraýyly günäsinden saplama gurbanlyklary üçin ulanylar. Emma men olara: «Näme üçin gijäni diwaryň düýbünde geçirýärsiňiz? Eger ýene şeýle edäýseňiz, menden eýgilige garaşmaň!» diýip duýduryş berdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler. Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar». Reb ýene şuny aýdýandyr: «Eger siz Maňa gulak asyp, Sabat güni bu şäheriň derwezelerinden ýük salmasaňyz, hiç bir iş etmän, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar. Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.
Выбор основного перевода