Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Onuň ýaplary porsar, takyrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär. Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler. Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn! Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!» Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn. Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn. Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn. Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar. Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
Выбор основного перевода