Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Ýel olara el çarpyp, ýerinden sykylyk atýar». Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň. Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme? Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi? Arpat kimin dälmi Hamat? Samariýa Damask kimin dälmi? Iýerusalim bilen Samariýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly, Samariýa we onuň butlaryna edişim ýaly, Iýerusalime we onuň butlaryna- -da şeýle ederin». Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, öz paýhasym bilen gazandym, men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary. Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady». Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler. Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi. Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.
Выбор основного перевода