Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar. Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider. Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa. Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar. Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. Kesekiler olaryň emlägini talan gününde, sen kesede durup seretdiň. Gelmişekler derwezeden girende, Iýerusalim üçin bije çekilende, sen-de olaryň biri ýaly bolduň.
Выбор основного перевода