Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin? Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar? Seniň üçin kim aglar? Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup, kim seniň ýanyňa geler?» Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi. Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy. Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, emma yza bakýan ýokdur. Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.
Выбор основного перевода