Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler. Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler. Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar. Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz. Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz, diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz. Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz. Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.
Выбор основного перевода