Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy. Haran, Kanne, Eden, Şeba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler. Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-‑reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler. Dünýä täjirleri onuň üçin ýas tutup, aglarlar, sebäbi indi olaryň harytlaryny satyn aljak ýok. Altyny, kümşi, gymmatbaha daşlary, dürleri, nepis zygyr matalary, gyrmyzy reňkli gymmat matalary, ýüpegi we al-gyzyl matalary, hoşboý ysly agajy, pil süňkünden, gymmatbaha agaçlardan, bürünçden, demirden we mermerden ýasalan dürli harytlary, dalçyn, we beýleki tagamlyklary, ýakymly ysly tütetgileri, müşk-anbarlary, şeraby, zeýtun ýagyny, kepeksiz uny we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlardyr arabalary, adamlaryň janyny we tenini satyn aljak indi ýok. Täjirler şeýle diýerler: „Göwnüň küýsän miweleri ýitip gitdi. Baýlygyň we göz gamaşdyryjy ajaýyplygyň gaýyp boldy, olar indi asla dolanmaz“. Babylda öz harytlaryny satyp baýan täjirler şäheriň jebirlerinden hopugarlar. Uzakda duran ýerlerinden ýas tutup, aglarlar. Olar möňňürişip, şeýle diýerler: „Waý, beýik şäheriň halyna waý! Ol nepis zygyr, goýy gyrmyzy we al-gyzyl geýnerdi, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenerdi. Şeýle ägirt uly baýlyk bir sagadyň içinde weýran boldy!“ Hemme gämiçiler, deňiz ýolagçylary we ähli deňizçiler – deňizden eklenýänleriň bary uzakda durup, şäheriň ýangynynyň tüssesini görenlerinde: „Bu şähere taý geljek şäher barmydy?“ diýerler. Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“
Выбор основного перевода