Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn. Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.
Выбор основного перевода