Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz. Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz. Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar. Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar. Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler. Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.
Выбор основного перевода