Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin». Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler. Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez. Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi. Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir. Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.
Выбор основного перевода