Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady. Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler. Ýoşyýa Manaşa, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi. Çopanlar sürüleri bilen onuň ýanyna gelerler. Çadyrlaryny onuň daş- -töwereginde dikip, her kim özüniň öri meýdanynda otlar. Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar! Turuň, gije çozalyň, galalaryny weýran edeliň!» Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur. «Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.
Выбор основного перевода