Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer. Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn. Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer.
Выбор основного перевода