Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar. Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler. Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady. Goý, Reb Öz halkyna güýç- -kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn! Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar. Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler. «Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr. Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».
Выбор основного перевода