Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin». Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer. Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy. Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym». Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam, Ýa-da ol ýurda mergi ýollap, gan dökmek üçin üstüne gazabymy döküp, ynsany we haýwany gyryp taşlasam, Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода