Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn». Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir. Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler. Ýekeje gelmişek ýa-da günlükçi ondan iýmeli däldir. Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň ýekeje süňki-de döwülmesin. Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir. Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr». Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“». Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň. Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez». Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz». Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler. Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.
Выбор основного перевода